2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Ýylmazyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan göz öňünde tutulan 19 müň 600 tonna hasyla derek 19 müň 778 tonna ýeralma ýygnalyp, bu baradaky döwlet meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi.
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittalyň arasynda duşuşyk geçirildi.
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi.