Svoboda | Graniru | BBC Russia | Golosameriki | Facebook
Baş sahypa
\
Sport
\
«Galkanyň» hokkeýçileri Omanyň toparyny uly hasap bilen ýeňdiler
Sport
«Galkanyň» hokkeýçileri Omanyň toparyny uly hasap bilen ýeňdiler
Çap edildi 16.04.2024
1121

Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu gün Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşynda ikinji uly ýeňşini gazandylar. Bahreýniň topary bilen ilkinji oýunda 8:1 hasabynda ýeňişden soň Andreý Makarowyň we Meýlis Kulyýewiň şägirtleri Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda utdular.

Eýýäm oýnuň 1-nji minudynda Döwlet Hydyrowyň uzak aralykdan uran urgusy bilen hasap açyldy. Şondan bir minut geçenden soň Gurbanmyrat Taňňyýew artykmaçlygy ikä ýetirdi. Duşuşygyň 8-nji minudynda Arslan Geldimyradow üçünji şaýbany tora saldy. Birinji döwrüň soňky minudynda Baýmyrat Baýmyradow ýene gol geçirdi we toparlar 4:0 hasabynda «Galkanyň» haýryna arakesmä çykdylar.

Ikinji 20 minutda Begenç Döwletmyradow derwezeban bilen ýeke-ýekä çykyp hasaby 5:0-a ýetirdi.

Myhmanlar jemleýji döwür başlandan bir şaýba geçirdiler. Toparymyzyň goragçylary Ybraýym Said Hamed Al Gabşini gözden saldylar welin, ol ýakyn aralykdan şaýbany tora salyp hasaby – 5:1 etdi.

Şondan soň oýnuň galan 18 minudynda Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony garşydaşlarynyň derwezesine on şaýba salyp, 15:1 hasabynda ýeňşi bilen şu ýaryşda rekord netije görkezdi. Nowruz Baýhanowyň derwezeban bilen ýekeme-ýeke çykyp salan şaýbasy has owadan boldy. Üçünji döwürde Erkin Kakabaýew, Pawel Barkowskiý we Nowruz Baýhanow dagy iki şaýba geçirdiler, Perhat Atekaýew, Döwrangeldi Baýjaýew, Muhammetýar Nuryýew we Öwezguly Esenow hem tapawutlandylar.

Şu ýeňişden soň «Galkanyň» hokkeýçileri 6 utuk toplap, «A» toparçada öňe çykdy.

Gyşky sport toplumynyň kiçi buz meýdançasynda geçirilen «B» toparçanyň beýleki bir oýnunda Belarusyň «Wolat» topary «Team-Turkiýe» türk toparyny 3:0 (1:0, 0:0, 2:0) hasabynda utdy. Ýeňijilerden Swýatoslaw Zasadskiý 8-nji, Eduard Gryn 44-nji we Arseniý Ýankowskiý 60-njy minutlarda tapawutlandylar.

Ýaryş dowam edýär.

Soňky habarlar
24.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
24.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
24.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
24.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
24.09
I.I.Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.09
A.S.Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.09
S.Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.09
2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.09
Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.09
Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow