Ï BBC Russian
Svoboda | Graniru | BBC Russia | Golosameriki | Facebook

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli sergi guraldy

view-icon 2607
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli sergi guraldy

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ak mermerli gözel şäher Aşgabat» atly sergi açyldy. Ol Döwlet nyşanlarynyň suratlary bilen açylýar.

Türkmenistanyň paýtagty göz guwandyryjy gözel görnüşlere baý, özi-de, olaryň köpüsi Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň belent sütünli Döwlet baýdagy we «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy binagärlik aýratynlygyna öwrülen Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy bar. Bular-da sergidäki suratlarda orun tutupdyrlar.

Diwarlyklarda dürli suratlar: häzirki zaman binagärliginiň gözelligi bilen haýran galdyrýan ýaşaýyş we edara jaýlar toplumy, gülleriň hoşboý ysy bark urýan medeni dynç alyş seýilgähleri, şäheriň şaýollaryny we köçelerini bezeýän özboluşly ýadygärlikler goýlupdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasyndan alnan şaý-sepler «Ak mermerli gözel şäher Aşgabat» sergisini aýratyn özüne çekiji edýär. Altyn çaýylan miniatýura görnüşinde ussatlyk bilen ýerine ýetirilen kompozisiýalarda paýtagtymyzyň ady belli ýadygärlikleriniň şekilleri berlipdir. Paýtagtyň ajaýyp keşbini döredýän «Ak şäherim Aşgabat», «Parla, baýdagym!», şeýle hem «Şöhratly geçmişden beýik geljege» atly halylar-da şolara taýdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara ruhy öwüt-nesihat berýän kitaplaryna görnükli ýer berlipdir. Sergide goýlan zatlar bilen tanşanyňda, Aşgabadyň okgunly ösüşi göz öňüňe gelýär. Bu gün Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýar. Aşgabatlylar öz söýgüli şäheriniň bu kesgitlemä hemişe mynasyp bolmagyny gazanmaga çalyşýarlar.

«Ak mermerli gözel şäher Aşgabat» sergisiniň açylyşy muzeýiň esasy binasynda bolup geçdi. Myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we metbugat wekilleri bar. Olaryň gyzykly we täsirli çykyşlaryny sergä gelenler şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.